Waşingtonda Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli brifing geçirildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky ilçihanada Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky syýasy ugry hem-de türkmen ýaşlary üçin göz öňünde tutulan özgertmeler barada brifing geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Waşington şäherindäki diplomatik wekilhanasy habar berýär.

Çärä diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy Meret Orazow, diplomatlar, ABŞ-nyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan we ýaşaýan türkmenler gatnaşdylar. Gatnaşylarilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen durmuşa geçirilýän özgertmeleriň möhüm ähmiýetini maslahatlaşdylar.

Brifingiň barşynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny baýram etmegiň, Türkmenistanda we daşary döwletlerde durmuşa geçirilýän işleriň we wakalaryň möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.