Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen tebigy gazyny Türkiýä eksport etmegiň mümkinçilikleri barada aýtdy
Türkmen halkynyň Mili Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä bolan saparynyň çäklerinde žurnalistleriň soraglaryna beren jogabynda türkmen mawy ýangyjyny Hazaryň we Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä ibermek üçin mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri energiýa serişdelerini eksport etmegiň hukuk meselesine degip geçip, 2018-nji ýylda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýanyň kabul edilendigini aýtdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow şu saparyň çäklerinde degişli resminamalara gol çekilendigini habar berdi. Şeýle hem tebigy gazy gaýtadan işlemek we eksport etmek üçin ýurdumyzyň mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Mineral dökünleriň, ekologik taýdan arassa ýangyjyň, polipropilenden öndürilýän önümleriň önümçiligi ýola goýuldy. Milli ýangyç-energetika pudagynyň ösüşi diwersifikasiýa ýoly bilen amala aşyrylýar.