Tokaýew Siýandaky Ulag-logistika terminalynyň işine uzak aralykdan badalga berdi
Gazgystan Respublikasynyň döwlet Baştutanynyň «Gazagystan demir ýoly» paýdarlar jemgyýetiniň innowasiýa merkezine baryp görendigini «Akordyň» maglumatlaryna salgylanýan «inbusiness.kz» habar berýär.
Kasym-Žomart Tokaýew Hytaýyň Siýan sebitindäki Ulag-logistika merkeziniň açylyş dabarasyna teleköpri arkaly gatnaşdy.
Şeýle merkezi döretmegiň senagat we gazak-hytaý gatnaşyklary üçin möhümdigini bellän döwlet Baştutany desganyň işine badalga berdi.
Bu waka Gazagystanyň we Hytaýyň ýolbaşçylarynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi şäherini Gazagystan, Merkezi Aziýa, şeýle hem Ýewropa bilen birleşdirjek gury Sian portunda logistika merkezini gurmak boýunça baglaşan şertnamasy bilen başlandy.
Sian şäheri Hytaýyň üstaşyr merkezidir we ýurduň gury portlarynyň iň ulusyny özünde jemleýär. Bu ýer Hytaý Halk Respublikasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky konteýner otlylarynyň umumy göwrüminiň 40 %-ini emele getirýär.
Sianyň gury portundaky gazak terminalynyň taslama kuwwaty ýylda 66,5 müň TEU (ýigrimi fut ekwiwalent birlik) barabardyr. Terminal ýurduň eksport ediji taraplary üçin elýeterlidir.