Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we duşuşyk geçirdi
4-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan owgan harytlarynyň sergisine baryp gördi we bu ýerde owgan tarapy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de toplumlaýyn esasda ösdürmegiň meseleleri boýunça duşuşyk geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz sergide görkezilýän harytlary synlamak maksady bilen, giň möçberli serginiň guralýan ýeri bolan Söwda-senagat edarasyna geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sergi bilen tanyşlygy Owganystanyň gurluşykda we bezeg işlerinde ulanylýan daşlary gazyp alýan kompaniýasyna degişli diwarlyklary synlamakdan başlady.
Bu ýerde hünärmen kompaniýanyň alyp barýan işleri, onuň çykarýan daşlarynyň görnüşleri, aýratynlyklary barada gürrüň berdi.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň gözel künjekleriniň birinde häzirki zamanyň ýokary halkara görkezijileri esasynda Arkadag şäheriniň bina edilendigini we täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda döwrebap önümçilik enjamlaryna, gurluşyk serişdelerine uly gyzyklanma bildirilýändigini belläp, türkmen tarapynyň owgan kompaniýalarynyň bu işe gatnaşmagy we olaryň hödürleýän teklipleriniň öwrenilmegi bilen baglanyşykly meselelere garamaga taýýardygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz dürli ugurlar boýunça görkezilýän harytlar bilen tanyşlygyň dowamynda goňşy ýurtda öndürilen önümler, halylar, şaý-sepler, gurluşyk harytlary, hojalyk we senagat himiýasy ýaly ugurlaryň mümkinçiliklerini synlady. Şeýle-de bu ýerde Owganystanda ösdürilip ýetişdirilýän gök, miwe we azyk önümleri görkezilýär. Sergide ýaýbaňlandyrylan önümleriň görnüşleri, goňşy ýurduň gaýtadan işleýän senagatynyň mümkinçilikleri, Owganystanyň durmuş düzümine, söwda toplumyna degişli önümçilik kuwwatlyklary baradaky gymmatlyklar degişli ugurlaryň ösüşini görkezýär.
Iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika we üstaşyr ulag ugurlaryna degişli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini bellemeli. Gahryman Arkadagymyz goňşy ýurduň önümçilik kuwwatlyklaryna, dürli görnüşli harytlaryň önümçiligine we degişli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlanan serginiň halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde möhüm orun eýeleýändigini belläp, şeýle çäreleriň yzygiderli geçirilmeginiň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin ähmiýetlidigine ünsi çekdi.
Owganystanyň önüm öndürijileri we goňşy ýurduň söwda-ykdysady toplumyna degişli düzümleriň wekilleri türkmen halkynyň Milli Lideriniň sergä gelip görmeginiň, bu ýerde görkezilýän önümler, söwda toplumyna degişli önümçilikler bilen tanyşmagynyň özleri üçin uly hormatdygyny nygtadylar we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde owgan tarapynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda ýangyç-energetika düzümlerine, söwda-ykdysady ugurlara bagyşlanan we beýleki ähmiýetli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oňa “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem gatnaşdy.
Owganystanyň senagat we söwda ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Alhaj Nuruddin Azizi, ilki bilen, türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de owgan harytlarynyň sergisini guramaga döwlet tarapyndan berlen ýardam üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem myhman türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, sebitde parahatçylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ähmiýet berýändikleri üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza owgan halkynyň adyndan hoşallyk bildirip, öz halkynyň salamyny ýetirdi.
Alhaj Nuruddin Azizi Türkmenistanyň halkara derejedäki çäreleri geçirmekde baý tejribe toplandygyny we özleriniň goňşy ýurduň tejribesini öwrenmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýratyn nygtady.
Gahryman Arkadagymyz türkmen we owgan halklaryny gadymdan gelýän dostluk, özara hormat goýmak däpleriniň, umumy ruhy, taryhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, goňşy Owganystanyň içerki ýagdaýlarynyň kadalaşdyrylmagynda diňe syýasy-diplomatik tagallalaryň tarapdarydygyny aýtdy. Şunuň bilen birlikde ykdysadyýetiň ösmegi we halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy ýurduň içerki ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ugurda ýurdumyz anyk işleri durmuşa geçirýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda türkmen tarapy Owganystanda köp sanly durmuş desgalaryny, ýagny saglyk öýlerini, mekdepleri gurdy.
Söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag ulgamlary boýunça durmuşa geçirilýän iri taslamalaryň wajypdygyny hem bellemek zerur. Şolaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi we demir ýol ulgamlary aýratyn orun eýeleýär diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Möhüm taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem, sebitdäki beýleki goňşy döwletleriň, halklaryň durmuş-ykdysady ulgamynyň ösmegine-de goşant bolar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň gurulmagy, Owganystanyň çäginde türkmen tarapynyň gatnaşmagynda elektrik beketleriniň işe girizilmegi bu ugurdaky gatnaşyklaryň ilerledilmegine kuwwatly itergi berer. Bu baradaky gürrüňi dowam edip, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda halkara ähmiýetli demir ýol geçelgeleriniň gurulýandygyny belledi. Şunda Kerki — Ymamnazar — Akina — Andhoý ugry boýunça demir ýol şahasy iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şunda halkara ulag geçelgesiniň wajyp bölegi bolan Serhetabat — Turgundy şahasynyň ulanmaga berilmeginiň ähmiýetine üns çekildi.
Duşuşygyň barşynda myhman üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde Türkmenistanyň sebitde möhüm orun eýeleýändigini belläp, owgan tarapynyň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üstaşyr mümkinçiliklerini peýdalanmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem Owganystanyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň we Türkiýäniň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugruny dikeldýän häzirki zaman multimodal üstaşyr ulag geçelgesiniň ähmiýeti barada aýdyldy.
Hormatly Arkadagymyz öňe sürlen teklipleriň öwreniljekdigini belläp, ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan galkynmagyna ýakyndan goldaw bermegini dowam etdirjekdigini aýtdy.
Söwda-ykdysady ulgam iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugry bolup durýar. Şunda dürli görnüşli azyk harytlarynyň, gaýtadan işleýän senagatyň önümleriniň eksport edilýän möçberiniň artdyrylmagyna möhüm üns berilýär. Aýratyn-da, halkara bazarlarda uly isleg bildirilýän we ekologik taýdan arassa önümleriň eksportyny sazlaşykly ýola goýmak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Häzirki döwürde amatly çäkde ýerleşen ýurdumyzda üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini artdyrmak, ulag-logistika ulgamyna degişli desgalary, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny gurmak boýunça kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini peýdalanmaga gyzyklanma bildirýän ýurtlaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda iki goňşy ýurduň serhet ýakalarynda däne ammarlaryny, söwda toplumlaryny we iki ýurt üçin hem ähmiýeti bolan beýleki desgalary gurmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň döwlet ösüşiniň möhüm ugruna öwrülendigini belläp, bu babatda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň we sebitiň gyzyklanma bildirýän islendik ýurdy, abraýly halkara guramalar bilen birek-birege hormat goýmak, düşünişmek esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar üçin hemişe açykdygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri owgan tarapynyň wekillerini ýetip gelýän mübärek Remezan aýy bilen gutlady hem-de mukaddes aýda ediljek doga-dilegleriň, beriljek sadakalaryň Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolmagyny dileg etdi we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw etdi.