ÝHHG-niň Baş sekretary Mejlisiň Başlygy bilen ekologiýa we zenanlaryň hukuk meselelerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ekologiýa boýunça sebit maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen duşuşdy.
Helga Şmid gender deňliginiň üpjün edilmeginiň, zenanlaryň mümkinçilikleriniň giňeldilmeginiň häzirki wagtda ÝHHG-niň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça tejribe alyşmaga taýýardygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda myhman özüniň Türkmenistana saparynyň ekologik meselelere bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy bilen baglanyşyklydygyny belläp, geçirilen geňeşmeleriň möhüm meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.