Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylary IT gurallaryny ulanmak arkaly töwekgelçilikleri profilirlemekde Ýewropa tejribesini öwrendiler
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Adam söwdasy we kontrabanda bilen meşgullanýan şahslary ýüze çykarmak boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu çäre, Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işgärleri üçin Ýewropa bileleşiginiň Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak maksatnamasy tarapyndan Merkezi Aziýada hukuk tertibini üpjün etmek boýunça maksatnamasy (LE1CA) bilen bilelikde guraldy.
Litwanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Döwlet serhediniň gorag gullugynyň we LE1CA-nyň bilermenleri töwekgelçilikleriň görkezijilerini hem-de migrantlaryň bikanun söwdasy we kontrabanda bilen meşgullanýan şahslary ýüze çykarmagyň töwekgelçilikleri we seljeriş işleriniň netijelerini beýan etdiler.
Çärä gatnaşyjylar IT gurallaryny ulanmak arkaly töwekgelçilikleri profilirlemek boýunça ÝB-nyň tejribesi bilen tanyşdylar. Okuw maslahatynyň netijesi boýunça töwekgelçilikleriň profilleri we görkezijileri boýunça kitapça işlenip taýýarlandy.