Döredijilik ýoly bilen Watanymyzyň beýik geljegine tarap
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen bagly meseleler 22-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda geçirilen Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň esasy mazmunyny düzdi.
Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm waka öwrülen bu mejlisde agzalan Maksatnamada kesgitlenen, şu ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň durnukly depginini üpjün etmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen wezipeleri yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Halk Maslahatyna, Mejlise we ýurdumyzyň jemgyýetçilik birleşiklerine öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde, milli döwletlilik ýörelgelerimizi ösdürmekde, halkymyzy umumymilli maksatlaryň töwereginde jebisleşdirmekde aýratyn orun degişlidir.
Bu düzümleriň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde bellenilişi ýaly, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2023-nji ýyl üçin Maksatnamasynda göz öňünde tutulan esasy wezipeler üstünlikli ýerine ýetirildi. Milli ykdysadyýetimiz durnuklylygyny we bäsdeşlige ukyplylygyny aýdyň görkezdi. Geçen ýylda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini saklandy, öňki ýyllarda bolşy ýaly, maýa goýumlaryň aglaba bölegi pudaklaryň, durmuş we hyzmatlar ulgamlarynyň ösüşine gönükdirildi. Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dabaraly açylmagy geçen ýylyň hem-de ýurdumyzyň iň täze taryhynyň şanly wakalarynyň biri boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça gurlan täze şäher diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebitinde-de ilkinji «akylly» şäher boldy. Arkadag şäherine halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň ylmy edaralarynyň we meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň sylaglarynyň 20-den gowragynyň gowşurylmagy durmuşa geçirilen ägirt uly işlere berlen ýokary bahanyň güwäsidir.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň bäsdeşlik, açyklyk, aýdyňlyk ýörelgeleri esasynda geçirilen saýlawlary hem geçen ýylyň möhüm wakalarynyň hatarynda boldy.
Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki çykyşynda belleýşi ýaly, üstümizdäki 2024-nji ýyl beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň baýramy bilen utgaşyklylykda geçer. Bu şanly sene mynasybetli ýurdumyzda we daşary döwletlerde birnäçe dabaraly çäreler geçiriler.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de nusgawy türkmen edebiýatynyň görnükli wekiliniň şygryýet gününe gabatlanyp, Arkadag şäherinde ilkinji gezek Medeniýet hepdeligi geçiriler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň möhüm ähmiýetini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň medeni mirasynyň geljekde kanun esasynda berkidilmeginiň, ebedileşdirilmeginiň çäklerinde şeýle başlangyçlaryň dowam etdirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi.
Beýik söz ussadynyň şygyrlarynda wasp edilen milletiň bitewüligi we jebisligi baradaky ata-babalarymyzyň köpasyrlyk arzuwy häzirki döwürde hasyl boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda özygtyýarly döwletimiziň ykdysadyýeti çalt depginde ösüp, dünýäniň ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşýan ýurtlaryň hatarynda öz ornuny berkitdi.
Senagat we innowasion esasda okgunly ösüşe gönükdirilen strategik ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny üpjün etdi. Şonuň netijesinde, dünýä ykdysadyýeti üçin aňsat bolmadyk häzirki döwürde-de ýurdumyzyň ähli pudaklary netijeli ösýär. “Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelere esaslanýan maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi yzygiderli ýokarlanýar. Obalaryň, şäherleriň we etraplaryň keşbi özgerýär, müňlerçe täze iş orunlary döredilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» binýadynda işlenip düzülen 2024-nji ýyl üçin degişli Maksatnamanyň ýetilen sepgitlere daýanmak bilen, maliýe-ykdysady taýdan, maýa goýumlaryň maksadalaýyklygy nukdaýnazaryndan esaslandyrylandygyny belledi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze resminamada kesgitlenen wezipelere laýyklykda, ykdysady, senagat, önümçilik häsiýetli maksatlara ünsi çekdi. Maýa goýumlaryň esasy ugurlary hökmünde senagat pudaklaryny ösdürmek, innowasion kärhanalary, täze önümçilikleri döretmek, oba hojalygyny özgertmek we azyk üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, gaýtadan işleýän ugurlary ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda görkezildi.
«Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň ençemesi, şol sanda halkara, sebit ähmiýetli uly taslamalaryň onlarçasy bar. Şeýle-de geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdiriler. Meýilleşdirilen taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilýän iri möçberli maliýe serişdeleri Garaşsyz Watanymyzyň bagtyýar geljegine maýa goýumdyr.
Gahryman Arkadagymyz söwda we hyzmatlar ulgamyny ösdürmegiň möhüm wezipeleriniň hatarynda ykdysadyýetiň netijeli işlemegini, önüm öndürijileriň düşewüntli bolmagyny, täze iş orunlarynyň döredilmegini, tölege ukyplylygyň ösmegine, bazarlarda harytlary sarp edijilik isleginiň ýokarlanmagyna, dürli hyzmatlardan peýdalanýanlaryň artmagyna getirýän aýlyk zähmet haklarynyň we ilatyň girdejileriniň ýokarlanmagyny görkezdi. Geçen ýyllarda milli ykdysadyýetiň ösüşiniň durnukly derejede saklanmagy, adam mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň artmagy ilatymyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga şert döretdi. Bu soňky ýyllarda demografik ösüşe-de oňyn täsirini ýetirdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Maksatnamanyň durmuş häsiýetli ugurlary barada aýtmak bilen, şunda täze iş orunlarynyň döredilmegine we ilatymyzyň durmuş taýdan goraglylygynyň berk üpjün edilmegine gönükdirilen çärelere uly üns berilýändigini belledi. Maýa goýumlaryň agramly bölegi durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, aýratyn mätäçlik çekýän raýatlar üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň, ulag we beýleki durmuş hyzmatlarynyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Ähli ugurlar boýunça amala aşyrylmaly işlerde öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlete dahylsyz bölegi ösdürmek esasy maksat hökmünde kesgitlenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni şu ýylda durmuşa geçiriljek işleriň esasy ugurlaryna, şol sanda kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň üpjün edilişine çekdi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyza maýa goýumlary çekmek hem-de maýadarlary goramak we goldamak, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy hereket etmek, salgydy dolandyrmak, salgytlaryň ýygnalyşynyň hilini ýokarlandyrmak, intellektual eýeçiligi goramak, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek ýaly ugurlarda kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek gaýragoýulmasyz çäreleriň hatarynda görkezildi.
Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt bolup durýandygyny nazara alyp, bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi. Bank amallaryny, töleg tabşyryklaryny kämilleşdirmekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrmagyň, milli ykdysadyýetimiziň dünýä bazaryna goşulyşmagy üçin işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmeginiň, bazar ykdysadyýetinde maliýeleşdirmegiň kadalaşdyryjy hukuk esasynyň dünýä tejribesine laýyk getirilmeginiň wajypdygy nygtaldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, ylmy barlaglaryň depginini ýokarlandyrmak, emeli aňy düýpli we netijeli öwrenmek, ylym we önümçilik babatda işewürligiň hem-de täjirçiligiň täze usullaryny döretmek, ösdürmek, bu ugurda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, innowasiýa ulgamynyň netijeli işlemegi üçin kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak möhümdir.
Gahryman Arkadagymyz Mejlisiň deputatlarynyň ünsüni öňde goýlan wezipelere çekmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ählihalk tarapyndan goldanylýan içeri we daşary syýasy başlangyçlary kanunçylyk taýdan goldanylmalydyr. Şeýle hem birnäçe möhüm ugurlarda kanunçylyk seljerilmelidir diýip nygtady. Iş üpjünçiligini we zähmet gatnaşyklaryny döwrebap kadalaşdyrmak, maşgalany, eneligi we çagalygy goramak, ýaşlary goldamak, saglygy goramak ýaly meselelere degişli kanunçylygy hem yzygiderli seljerip, degişli işleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Watanymyzyň abadançylygyny üpjün etmek, ýaş nesliň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleri döretmek babatda alnyp barylýan işler ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň ileri tutulýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Durmuş goraglylygyny üpjün etmegiň çäklerinde howandarlyga mätäçlere hemaýat bermek işini ösdürmek, döwletiň her bir adamyň, ylaýta-da, çagalaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek babatdaky başlangyçlaryny kanunçylyk taýdan berkitmek möhüm wezipeleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen kesgitlenen Hossarlyk we howandarlyk edaralary hakynda Düzgünnamanyň, Hossarlygy we howandarlygy amala aşyrmagyň tertibi hakynda Düzgünnamanyň döwrüň talabyna laýyk işlenip taýýarlanylmagynyň kanunyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegi nukdaýnazardan uly ähmiýete eýedigine üns çekildi. Bu ugurda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem oňyn tejribe toplandygy bellenildi.
Ösüp gelýän ýaş nesli goramak we goldamak bilen bagly kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmäge uly üns berilmelidigi nygtaldy. Ýaşlara bildirilýän uly ynam olary nurana geljegiň bähbidine döredijilikli zähmete ruhlandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly eserleri, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar — Watanyň daýanjy” atly ajaýyp kitaby ýaş türkmenistanlylara tutanýerli zähmet çekmekde gollanma bolup durýar. Ýaşlar syýasaty bilen bir hatarda, türkmeniň mukaddes maşgala ojagynyň eýesi bolan enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň mertebesini belentde tutmak, olar barada döwletiň düýpli aladalaryny, kanuny bähbitlerini goramak ugrunda döredýän şertlerini, maşgalanyň goraglylygyny we bitewüligini, çagalaryň iň gowy bähbitlerini üpjün etmegiň hukuk usullaryny berkitmek döwrüň zerur talaplarynyň biridir.
Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlary boýunça Türkmenistanyň Mejlisi, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň we geçirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça wezipeler kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, kanun taslamalaryny taýýarlamak boýunça döredilýän iş toparlarynyň düzümine öňdebaryjy pikirleri, döwrebap teklipleri öňe sürmek üçin ökde, tejribeli hünärmenleri, bilermenleri giňden çekmegiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyçlaryny, tabşyryklaryny, kabul eden çözgütlerini kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça çäreleri görmegiň wajypdygy nygtaldy.
Hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça seljerme işlerini geçirmek, teklipleri işläp taýýarlamak üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda deputatlardan, beýleki döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekillerinden ybarat hukuk-bilermenler toparyny döretmek barada-da aýdyldy. Gahryman Arkadagymyz kanun çykaryjylyk işiniň nazary we amaly meseleleri babatda alymlaryň, hünärmenleriň, bilermenleriň Halk Maslahatynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşyklaryny guramagyň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleriň, berlen tabşyryklaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylda ýurdumyzy ösdürmegiň esasy ugurlaryna degişli kabul eden Kararlarynyň, tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, ýurdumyzy ösdürmegiň orta we uzak möhletli maksatnamalarynyň ileri tutulýan ugurlary barada maslahatlary geçirmegiň wajypdygyny belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hukuk medeniýetini, sagdyn durmuş ýörelgelerini, milli medeniýetimizi, maşgala gymmatlyklaryny, däp-dessurlarymyzy wagyz-nesihat etmek işlerini dowam etdirmegiň möhümdigine hem ünsi çekdi.
Türkmenistan demokratiýanyň, kanunlaryň rüstemliginiň, raýat agzybirliginiň we bitewüliginiň mizemez ýörelgeleriniň esasynda ösýär. Biz bu işleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda täze görnüşde, has ýokary derejede alyp baryp, geçmişiň beýikligine, şu günüň haýran galdyryjy üstünliklerine daýanmak, geljegiň röwşen gözýetimine nazar salmak arkaly ýurdumyzyň täze belentliklere tarap okgunly öňe gitmegini üpjün ederis diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Öňde goýlan wezipeleriň durmuşa geçirilmegi bolsa eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmaga, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki abraýyny has-da belende götermäge ýardam eder.