Daşary işler ministrliginde Helga Şmid bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň arasynda 5-nji martda geçirilen duşuşykda syýasy we ykdysady ugurlarda, ekologiýa howpsuzlygy hem-de ynsanperwer hyzmatdaşlyk ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi maslahatlaşyldy.
ÝHHG-niň ýokary derejeli wekiliýetleriniň geçen ýyl Türkmenistana amala aşyran saparlarynyň netijeli bolandygy bellendi. Şol saparlaryň biriniň barşynda Aşgabatda ÝHHG-niň merkeziniň täze binasy açyldy we Baş sekretar bilen Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. Helga Şmidiň häzirki saparynyň barşynda Merkezi Aziýa döwletleriniň daşky gurşawy goramak ministrleri bilen iş maslahaty üstünlikli geçirildi. Nobatdaky çäre degişli ugurda özara tagallalary utgaşdyrmakda netijeli meýdança bolup hyzmat eder.
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň belleýşi ýaly, ÝHHG-niň ýokary derejeli wekiliýetleriniň saparlary we bilelikdäki sebitleýin çäreler häzirki zaman hyzmatdaşlygynyň nusgalaryny görkezýär we halkara konfliktleriň öňüni almak we zyýansyzlandyrmak, syýasy we dini ekstremizme, transmilli howplara, neşe gaçakçylygyna we serhetüsti jenaýatçylyga garşy amaly gurallaryň döredilmegine goşant goşýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen ÝHHG-niň düzümleriniň arasynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändig bellendi. Tükmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen hem gatnaşyklar ösýär.
Helga Şmid Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde eýeleýän möhüm ornuna oňyn baha berdi hem-de Türkmenistanyň energiýa we daşky gurşaw howpsuzlygy, durnukly ulag we suw diplomatiýasy babatdaky başlangyçlaryna ünsi çekdi.
Duşuşykda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde durmuşa geçiriljek maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine-de üns berildi.