Merkezi Aziýa döwletleriniň hemişelik wekilleri Ženewada BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili bilen duşuşdylar
Sişenbe güni Merkezi Aziýa döwletleriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilleri Guramanyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdylar.
Şeýle görnüşde geçirilen ilkinji duşuşyk Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda guraldy.
Duşuşykda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi – BMG-niň Ženewadaky edarasy meýdançasynyň ugry boýunça diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümligi bellendi. Bu hyzmadaşlyk Merkezi Aziýa boýunça halkara gün tertibiniň işi boýunça sebit merkeziniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam eder.
Duşuşygyň barşynda Kaha Imnadze ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän sebit merkeziniň işi we wezipeleri barada Merkezi Aziýa döwletleriniň diplomatlaryny tanyşdyrdy. Sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde, terrorçylygy we zorlukly ekstremizme garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmek barada hem gürrüňler edildi. Serhetüsti suw serişdeleri, ýaş syýasaty, gender deňligi hem sebit merkeziniň ileri tutýan ugurlarydyr.