Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Kiýewde medeni-şahyrana çäre geçirildi
Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçisi Toýly Ataýewiň, beýleki diplomatlaryň, Kiýewiň Sýatoşinsk etrabynyň ýolbaşçylarynyň, bu ýurtda ýaşaýan we bilim alýan türkmenleriň gatnaşmagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni-şahyrana çäre geçirildi.
Türkmenistanyň ilçihanasynyň we Kiýew şäherindäki Magtymguly adyndaky kitaphanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen çärä daşary döwletleriň Ukrainadaky diplmatik wekilhanalarynyň, Ukrainanyň Medeniýet we maglumat syýasaty ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň wekilleri, kitaphanalaryň, mekdepleriň, sazçylyk we bilim edaralarynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.
Kiýewiň sungat mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Magtymgulynyň we Mollanepesiň sözlerine döredilen hem-de ukrain halk aýdymlary ýerine ýetirdiler. Bu ýurtda bilim alýan türkmen talyp ýaşlary dutarda sazlary ýerine ýetirdiler hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgularyny aýdym edip aýtdylar.
Ukrain tarapy bu çäräniň 15-nji marta çenli geçirilýändigi üçin ilçihananyň wekillerine hoşallygyny bildirdi. Bu ýerde myhmanlara Türkmenistanyň taryhyna, binagärligine we medeniýetine bagyşlanan sergi garaşýar.