Kanada hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ýokary netijeli taslamalaryň bäsleşigini yglan edýär

Kanadanyň Türkmenistandaky, Gazagystandaky, Özbegistandaky we Täjigistandaky diplomatik wekilhanasy “CFLI” maksatnamasynyň çäklerinde uly bolmadyk ýokary netijeli taslamalaryň bäsleşigini yglan edýär. Ol Kanadanyň halkara hyzmatdaşlygynyň esasy bäş ugrunyň biri boýunça başlangyçlary goldamakdan ybaratdyr. Bu barada Kanadanyň ilçihanasy habar berýär.

Bu tematiki ugurlar gender deňligini we aýallaryň ygtyýarlyklaryny giňeltmegi; inklýuziw dolandyryşy; parahatçylygy we howpsuzlygy; hemmeler üçin ykdysady ösüşi; daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemeginiň netijeleriniň öňüni almagy öz içine alýar. Hödürlenjek taslamalaryň çykdajylarynyň bahasy 15-30 müň Kanada dollary aralygynda bolmaly.

Bäsleşige gatnaşmak üçin arzalar 1-nji aprele çenli ASTNAGR2@international.gc.ca salgyly elektron poçta arkaly kabul edilýär. Teklip edilýän taslamalar iňlis dilinde we Kanada dollarynda görkezilen bahalarda beýan edilmelidir. Taslama işlerini 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan 2025-nji ýylyň 28-nji fewraly aralygynda tamamlanmalydyr.

Bäsleşige döwlete degişli bolmadyk, jemgyýetçilik we telekeçilik däl ýerli guramalar, taslamalaryň üstünde işleýän ylmy edaralar gatnaşyp bilerler.

Taslamany maliýeleşdirmek işi ony durmuşa geçirmegiň esasy hem-de okuw, mahabat we tehniki hyzmatlara gidýän çykdajylaryny öz içine alýar.