Türkmen we rus ýokary okuw mekdepleri uçurymlara iki diplom bermek mümkinçiliklerini öwrenýärler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekiliýetiniň Kazan şäherine bolan iş saparynyň dowamynda Kazanyň A.N.Tupolýew adyndaky Milli barlag-tehniki uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen geçirilen gepleşikleriň netijeleri mälim edildi.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlyk Ähtnamasyny baglaşmak, ýokary okuw mekdeplerinden uçurym bolýan ýaşlara iki diplom bermäge mümkinçilik döredýän bilelikdäki bilim maksatnamasy boýunça talyplary okatmak meseleleri maslahatlaşyldy. Şeýle hem ylmy derejä dalaşgär alymlaryň dissertasion işlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Kazanyň A.N.Tupolýew adyndaky Milli barlag-tehniki uniwersitetiniň alymlara geňeşine bermek mümkinçiliklerine hem garaldy.

Türkmenistanly hünärmenleriň iş tejribeligi üçin Kazanyň ýokary okuw mekdebiniň mugallymlaryny çekmäge türkmen tarapy gyzyklanma bildirdi. Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri kazanly kärdeşlerini ýokary okuw mekdebinde 14-nji martda sanly ulgam arkaly geçiriljek maslahata gatnaşmaga çagyrdy.