Türkmen ýaşlary Hindistanda geçirilýän çärelere gatnaşýarlar

Türkmenistanyň ýaşlar wekiliýeti beýleki Merkezi Aziýa döwletlerinden bolan deň-duşlary bilen Hindistanyň Hökümeti tarapyndan taýýarlanylan giň gerimli çärelere gatnaşmak üçin Hindistana bardylar. Bu barada Türkmenistanyň Nýu-Delidäki diplomatk wekilhanasy habar berýär.

Hindistanda geçirilýän medeni çärelere gatnaşmak üçin Merkezi Aziýa döwletlerinden 100-e golaý (hersinden 20) ýaşlar geldiler. Ýaşlaryň bu saparyny guramak başlangyjy 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hindistanyň Baştutanlarynyň sammitiniň barşynda öňe sürüldi we makullanyldy. Şondan bäri şunuň ýaly sapar eýýäm ikinji gezek guralýar.

Ýaşlar wekiliýetiniň agzalary giň medeni maksatnamanyň çäklerinde 12-nji marta çenli dowam etjek her dürli çärelere gatnaşmakdan lezzet alarlar. Oňa gatnaşyjylar Hindistanyň medeniýeti we taryhy, milli aýratynlyklary bilen giňişleýin tanşarlar. Bu maksatnama Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hindistanyň ýaşlarynyň arasyndaky dialogy goldamagy we berkitmegi maksat edinýär.