Lebapdaky lukmançylyk barlaghanalar täze enjamlar bilen üpjün edildi
Lebap welaýatynda ýerleşýän 27 sany lukmançylyk barlaghanasy häzirki zaman enjamlary bilen doly enjamlaşdyryldy. Gündogar sebitiň lukmançylyk barlaghanalaryny döwrebplaşdyrmak boýunça taslama Türkmenistanyň Hökümetiniň maliýeleşdirmeginde BMG-niň Ösüş maksatnamasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Döwrebaplaşdyrylan barlaghanalaryň 11-si welaýatyň dolandyryş merkezi Türkmenabatda, galanlary hem sebitiň beýleki etraplarynda ýerleşýär. Häzirki zaman enjamlary biohimiýa anyklaýjy we mikroskopiki barlaglary geçirmäge mümkinçilik berýän abzallary öz içine alýar.
Täze ulgamlaryň ýokary hilli işlemegini üpjün etmek üçin barlaghanalaryň we lukmançylyk edaralarynyň hünärmenleri degişli okuwlary geçdiler. Mundan başga-da, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň habar bermegine görä, degişli barlaglary geçirmek üçin täze reagentler we sarp edilýän zatlar getirildi.
Bu taslamanyň esasy maksady Türkmenistanda lukmançylyk we barlaghana gözleglerini gowulandyrmakdan ybaratdyr.