Demirgazyga tarap giňeliş: dünýäniň söwda ulgamynda täze ugurlar we mümkinçilikler
«Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesiniň (INSTC) peýda bolmagy we Demirgazyk deňiz ýolunyň giňemegi Ýewraziýada ýük daşamalarynda täze özgertmeleri aňladýar hem-de Sues kanaly ýaly adaty deňiz ýollaryna täsirli alternatiwany hödürleýär.
«Russiýa – Yslam dünýäsi: KazanForum 2023» halkara ykdysady forumynda yglan edilişi ýaly, 2024-nji ýylda «Demirgazyk – Günorta» taslamasyna täzeçe itergi berler. Ýewraziýa ýurtlaryndan ýük daşaýjylar Hindi ummanyndan we Pars aýlagyndan Hazar deňziniň sebitlerine, şeýle hem demir ýol ulgamy arkaly Baltika hem-de demirgazyk deňizlerindäki rus portlaryna barýan täze çalt ýoly peýdalanmak mümkinçiligine sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Eýran ýurduň demir ýol ulgamyny Reşt şäheriniň üsti bilen Hazar deňziniň port infrastrukturasyna birikdirýän iň soňky şahanyň gurluşygyny eýýäm tamamlap barýar. Şunuň bilen bir hatarda, Hazar deňziniň töweregindäki günbatar we gündogar gury ýer ugurlary «Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesiniň çäklerinde Azerbaýjan, Gazagystan hem-de Türkmenistan tarapyndan ösdürilýär.
«Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesi ýükleriň Ýewropa, şeýle hem Russiýa bilen Pars aýlagyndaky ýurtlaryň arasynda çalt we üznüksiz üstaşyr geçmegini üpjün eder diýlip çaklanylýar. Döwrebaplaşdyryş işleri geçelgäniň üstaşyr geçiriş kuwwatyny ýylda 100 million tonnadan gowrak ýüke çenli artdyrmak bilen, möhüm ykdysady bähbitleri wada berer. Adaty ugurlar bilen deňeşdirilende, konteýnerleri daşamak üçin sarp edilýän wagt 2 esseden hem gowrak azaldylyp bilner. Ýük daşamalarynyň ortaça bahasy bolsa 30-40%-e çenli arzanladylyp bilner. Şunda ýük akymlarynyň artmagynda we taslama gatnaşýan ýurtlaryň üstaşyr mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna garaşylýar.
Russiýa 2030-njy ýyla çenli «Demirgazyk – Günorta» ulag geçelgesini ösdürmek üçin 280 milliard rubl maýa goýmagy meýilleşdirýär. Russiýa bilen Hazar sebitiniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa we Pars aýlagynyň ýurtlarynyň arasyndaky ýük dolanyşygynyň geljek ýyla çenli iki esse artmagyna, 2030-njy ýyla çenli bolsa 35 million tonna ýetmegine garaşylýar.
Häzirki wagtda Birleşen Arap Emirlikleri hem ulag geçelgesiniň tehnologik düzümine maýa goýmaga we ony ösdürmäge gyzyklanma bildirýär, munuň özi Pars aýlagynyň iň iri portlary hem-de Russiýa, Merkezi Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen logistika hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Ýeri gelende bellesek, «Demirgazyk – Günorta» ýokary tizlikli ulag geçelgesi – bu deňiz, demirýol we awtomobil ugurlaryny birleşdirýän multimodal geçelgedir. Onuň umumy uzynlygy Baltika deňzinden Hindi ummanyna çenli 7200 km. Taslama eýýäm üstünden dürli ulag ugurlary geçýän birnäçe ýurt gatnaşýar.