Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça ilkinji ýolagçy howa gatnawy amala aşyryldy
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň “777-200 LR” kysymly uçary sişenbe güni Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça ilkinji göni ýolagçy howa gatnawyny amala aşyrdy.
Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hoşimin şäheriniň Halkara howa menzilinde “777-200 LR” kysymly uçaryň ýolagçylary myhmansöýerlik bilen garşylandylar. Bu barada “Türkmenhowaýollary” agentligi habar berdi.
Aşgabat-Hoşimin-Aşgabat ugry boýunça howa gatnawy hepdede iki gezek amala aşyrylar.
“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat – Hoşimin – Aşgabat, Aşgabat – Milan – Aşgabat, Aşgabat – London – Aşgabat we Aşgabat – Frankfurt – Aşgabat halkara ugurlary boýunça awiabiletlere arzanladyş hödürleýär. Ýolagçylar üçin arzanladyş 2024-nji ýylyň 1-nji fewralyndan 31-nji martyna çenli dowam edýär.
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçarlary şu ýylyň 15-nji fewralynda Kuala-Lumpur (Malaýziýa) şäherlerine, 16-njy fewralda bolsa Jidda (Saud Arabystany Patyşalygy) şäherine ilkinji ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrdy.