«Türkmendemirýollary» agentliginde zähmet çekýän aýal-gyzlara sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginde we onuň garamagyndaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň gatnaşmagynda Halkara zenanlar gününe bagyşlan çäre geçirildi.

«Türkmendemirýollary» agentliginiň mejlisler zalynda guralan dabarada ulgamyň düzüm birliklerinde zähmet çekýän zenanlara hem-de gyzlara hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşuryldy. Ter gül desseleri bilen gowşurylan sowgatlar Watanymyzda aýal-gyzlara goýulýan belent sarpanyň nyşanyna öwrüldi.