Ýüpek ýolunyň merkezinde Suese bäsdeş – 8 ýyl mundan ozal, GTE demir ýoly ulanmaga tabşyryldy
Sekiz ýyl mundan ozal, 2014-nji ýylyň 3-nji dekabrynda Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň açylyşy boldy. Bu waka dünýä ähmiýetli bu özboluşly taslamany durmuşa geçiren döwletleriň baştutanlarynyň – Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň we Eýranyň prezidenti Hasan Ruhanynyň gatnaşmagynda geçirildi.
Gazagystandan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana täze örän gysga ýol boýunça ilkinji demirýol otly düzümi ugradyldy, üç goňşy ýurduň liderleri bolsa onuň ilkinji ýolagçylary bolup, olara täze ýoldan geçmek nesip etdi.
Türkmen böleginiň uzynlygy 80% göterime golaý bolan bu ýoluň ulanmaga berilmegi şol gün sebitiň we halkara KHBS-lerinde “Dünýäniň söwda merkezi kem-kemden Aziýa geçýär” diýen ýaly sözbaşylary ýazmaga sebäp boldy.
“Ilkinji gezek Astana, Aşgabat we Tähran şeýle ähmiýetli ykdysady taslamany bilelikde amala aşyrmagy başaryp, dünýäniň söwda we önümçilik merkeziniň kem-kemden hut Aziýa tarap süýşýändigini nobatdaky gezek dünýä görkezdi” diýip, internet-serişdeleri belläp geçipdiler.
Öňdebaryjy habarlar agentlikleri açylan demirýol ugrunyň Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky iň tygşytly ugur hökmünde, gürrüňsiz suratda, sebit we halkara ulag düzüminiň “altyn halkasyna” öwrüljekdigi barada bir pikirde boldular. Şunda örän täze ulag geçelgesiniň Ýewropa ýurtlaryndan pars aýlagynyň portlaryna çenli demirýol arkaly gatnaw ugruny 600 kilometr gysgaldandygy ünsden düşürilmedi.
GTE demirýoly “Demirgazyk-Günorta” (gündogar ugur) ulag geçelgesiniň düzüm bölegine öwrüldi. Bu ulag geçelgesi ozal bar bolan ugurlar, mysal üçin Sues kanaly bilen deňeşdirilende, oňa bäsdeş, has gysga we arzan bolup durýar.
Elbetde, KHBS täze demirýoluň Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklardan bäri baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek maksadynyň amala aşmagyny alamatlandyrýandygyny bellemegi unutmadylar.
Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluny gurmak hakynda hökümetara ylalaşygyna üç döwletiň baştutanlary tarapyndan 2007-nji ýylda gol çekilipdi. Gurluşyga 2009-njy ýylda başlanyldy. Gazak sähralyklaryndan türkmen Garagumynyň üsti bilen Eýranyň demirgazygynda daglyk Gülüstran welaýatyna çenli geçýän polat ýoluň umumy uzynlygy 928 kilometre barabar boldy. Şonuň 146 kilometri - Gazagystanyň çäklerinden, 700 kilometri - Türkmenistanyň çäklerinden we 82 kilometri – Eýranyň çäklerinden geçýär. Taslama Aziýa ösüş bankynyň we Yslam ösüş bankynyň ýardam bermeginde durmuşa geçirildi.
2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenistan, Gazagystan we Eýran demirýol hyzmatdaşlygy boýunça özara düşünişmek hakynda üçtaraplaýyn ähtnama gol çekdiler, bu resminama üç ýurduň arasynda demirýol arkaly gatnawyň artdyrylmagyny göz öňünde tutýar.
Şondan bäri we aýratyn-da, täze geosyýasy ýagdaýlar babatda bu ýoluň ähmiýetiniň barha artmagy dowam edýär. Merkezi Aziýanyň geografiki taýdan amatly ýerleşmegi netijesinde, dünýäniň iri bazarlarynyň araynda baglanyşdyryjy halka bolup durýar. Bütindünýä bankynyň baha bermegine görä, Merkezi Aziýada ulag kommunikasiýalarynyň ösdürilmegi ähli ýurtlaryň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 15% ýokarlanmagyny üpjün edip biler.