“Türkmendemirýollary” agentligi bilen “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy
Düýn, 2024-nji ýylyň mart aýynyň 5-ine “Uzbekiston temir ýullari” paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Zufar Narzullaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgababat şäherine iş sapary bilen geldi. Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň demirýol ulaglary edaralarynyň arasynda geljekde demirýol ulaglary pudagyndaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.
Häzirki wagtda halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň strategiki taýdan möhüm we amatly çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzyň ulag-üstaşyr potensialyny doly durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistan bilen Özbegistan Beýik Ýüpek ýolunyň aýrylmaz bir bölegi bolmak bilen, biziň ýurdumyzyň innowasiýa ösüşinde möhüm orny bardyr.
Iş ýüzünde biziň ýurtlarymyz ulag arabaglanyşygyny, üstaşyr ýükleri we ýolagçy gatnawyny höweslendirmek bilen tassyklaýar. Bu nukdaýnazardan, 2011-nji ýylda Aşgabat Ylalaşygy diýlip atlandyrylýan Eýranyň, Omanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň hökümetleriniň arasynda Halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek baradaky Ylalaşyga gol çekilmeginiň ähmiýetiniň uludygyny bellemelidiris-diýip myhman nygtady. Kataryň, Gazagystanyň we Hindistanyň hem bu Ylalaşyga goşulandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda “CASCA +” diýlip atlandyrylýan we “Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlary - Hytaý - Gyrgyzystan - Özbegistan - Türkmenistan - Azerbaýjan - Gruziýa - Türkiýe - Ýewropa” Halkara multimodal geçelgesiniň çalt depginde ösýändigi bellenildi.
Iki goňşy ýurtlar bolan Türkmenistanyň we Özbegistanyň çäklerinden geçýän Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň sebitara söwda gatnaşyklaryny ösdürmekde ornunyň artýandygyny, iki doganlyk döwletleriň ulag mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň we ýük dolanyşygyny artdyrmak üçin amatly nyrh şertleriniň döredilmeginiň zerurdygyny taraplar bellediler.
Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň demirýolçulary dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlardygy ösdürmekde has-da uly goşant goşjakdyklary barada aýratyn nygtap geçiler.