Türkiýe-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan ugry boýunça ilkinji ýük otlusy Daşkende geldi
Şenbe güni, 3-nji dekabrda Daşkendiň demirýol menzilinde Türkiýäniň Izmir şäherinden ugran, Eýranyň we Türkmenistanyň çäklerinden geçip, Özbegistana gelen ilkinji ýük otlusynyň dabaraly garşylanylyşy boldy.
Dabara Türkiýäniň Daşkentdäki ilçisi Olgan Bekar, özbek döwlet demirýollarynyň baş direktory Husniddin Hasilow hem-de beýleki resmi adamlar gatnaşdylar diýip, “Anadolu” agentligi habar berýär.
Bekar Türki döwletleriň guramasynyň (TDG) çäklerinde agza ýurtlaryň arasynda, şol sanda ulag geçelgelerini, ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň dowam edýändigini aýtdy.
Gasilow Türkiýe-Eýran-Türkmenistan-Özbegistan ugry boýunça ýük otlusynyň birinji tapgyrda aýda bir gezek, geljekde bolsa aýda iki gezek hereket etjekdigini belledi.
40 wagondan ybarat bolan otly 4500 kilometr ýol aşyp, 25 günüň dowamynda Daşkende durmuş tehnikalaryny, howalandyryş ulgamlaryny hem-de beýleki harytlary getirdi.