Aşgabadyň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda söwda we hyzmat maksatly desgalaryň 30-a golaýy gurlar
Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk ministrligi Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň serişdeleriniň hasabyna Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda söwda we durmuş hyzmatlary hödürlenýän desgalaryň 28-siniň gurluşygy boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu baradaky degişli bildiriş şu gün Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi.
Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän hususy taraplaryň ýüztutmalary we teklipleri 23-nji aprele çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Binagärlik we gurluşyk ministrliginiň Bazary dolandyryş we halkara ykdysady aragatnaşyklar müdirliginde kabul edilýär.
Parahat-7 ýaşaýyş toplumy Aşgabadyň günorta-gündogar böleginde kemala gelýän iri ýaşaýyş toplumlarynyň biridir. Bu ýerde kemala getirilýän ýaşaýyş-durmuş düzümleriniň yzygiderli açylyp ulanmaga berilmegi netijesinde göçüp gelýän ilatyň sany hem barha artýar. Bu bolsa, öz gezeginde ilatyň sarp ediş zerurlyklaryny döredýär.