Russiýa we Türkmenistan “Demirgazyk-Günorta” HUG boýunça gatnawlary ösdürmek babatda hyzmatdaşlyk eder
Rus demir ýollary we Türkmen demir ýollary “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesi (HUG) boýunça gatnawlary ösdürmekde we infrastrukturany gurmakda hyzmatdaşlyk ederler. Bu barada rus kompaniýasynyň habaryna salgylanyp, Praým ykdysady habarlar agentligi habar berýär.
Rus demir ýollarynyň ýolbaşçysy Oleg Belozerow we “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow 2023-2025-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatnamasyna gol çekdiler.
“Resminama şu ugurlarda gatnaşyk edilmegini: gatnawlaryň we logistiki hyzmatlaryň ösdürilmegini, şol sanda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň Gündogar ugry boýunça Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda oba hojalyk önümleriniň, çig mal senagat ýükleriniň örän gysga möhletde daşalmagyny üpjün edýän yzygiderli konteýner hyzmatynyň we gatnaw otlusynyň guralmagyny; infrastrukturanyň gurulmagyny, döwrebaplaşdyrylmagyny we abatlanylmagyny göz öňünde tutýar” diýlip, Rus demir ýollarynyň Telegramm-ýaýlymynyň habarynda aýdylýar.