Russiýanyň Federasiýa Geňeşi: «Demirgazyk – Günorta» ýük gatnawyny Aziýa gönükdirmek boýunça wajyp çözgütdir
Russiýanyň Federasiýa Geňeşinde «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag ugrunyň Russiýanyň ýük gatnawlaryny Aziýa we Ýakyn Gündogara gönükdirmekde wajyp ähmiýete eýe bolup durýandygyny beýan etdiler.
Bu barada içerki suw ýollarynda gämi gatnawyny ösdürmäge we Russiýada ýük we ýolagçy daşamagy ösdürmekde içerki suw ulagynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga bagyşlanyp geçirilen tegelek stolyň netijeleri boýunça Federasiýa Geňeşiniň resmi saýty habar berýär.
Häzirki geosyýasy ýagdaý ýük gatnawlaryny Aziýa we Ýakyn Gündogar döwletlerine gönükdirmegiň zerurlygyna getirýär. Bu ýerde esasy kararlaryň biri hem Federasiýa Geňeşiniň mejlislerinde eýýäm birnäçe gezek ara alnyp maslahatlaşylan «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesi taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bolar – diýip, Ykdysady syýasat baradaky komitetiň başlygynyň orunbasary Iwan Abramow nygtady.
Mejlisiň dowamynda senatorlar ýük daşamagy we gämi gurluşygyny doly maliýeleşdirmek, şeýle hem olara döwlet tarapyndan goldaw bermek hem-de ýük gatnawlarynyň ugurlaryny gaýtadan kesgitläp, bellemek üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny döretmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.