Ahmet Ahmedow 102 ýaşyny garşylady
Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Tejen şäheriniň ýaşaýjysy Ahmet Alekperowiç Ahmedow 9-njy martda 102 ýaşyny garşy aldy.
Uzak ömür gören ynsanyň ýatkeşliginiň gowulygy, saglygynyň ýerindeligi we iň möhümi durmuşdan lezzet almak islegini saklaýar. Ahmet aganyň agtygy Alinanyň «SalamNews»-yň habarçysyna aýtmagyna görä, atasy ençeme ýyl bäri yzygiderli birnäçe düzgüne eýerýär, gündelik gezelenç edýär, agşamyna nahar iýmeýär, et iýmeýär we ertirlik üçin püre iýmegi gowy görýär.
Şeýle hem lukmançylyga hormat goýmak bilen, sagdyn durmuş ýörelgesiniň we doga-dilegleriň iň gowy kömekçidigine ynanýar. Üstesine-de, hiç hili däri derman içmeýär.
«Atamyň degişgen häsiýeti bar. Meniň pikirimçe, bu uzak ömür sürmegiň syrlarynyň biri bolsa gerek. Atam 105 ýaşyny hökman restoranda bellejekdigini aýdýar. Tejendäki metjide doga okamak üçin köplenç çagyrylýar. Gurhany ýatdan bilýär. Boş wagtlary agtyklary bilen gezelenç edýär. Öýde ol bir ýerde oturmaýar. Ol häli-häzirem gündelik durmuşda döwülýän zatlary - sagatlary, ütükleri, stol çyralaryny bejerip bilýär» diýip, Ahmet aganyň agtygy Alina aýtdy.
Ýene bir gyzykly zat atamyň uzak ýyllaryň dowamynda Tejendäki çagalar öýünde işlemegidir. Şu wagta çenli okuwçylary gelip, atamdan habar alyp durýalar. Ýeri gelende belläp geçsek, Ahmet Alekperowiçiň 4 çagasy, 7 agtygy we 6 çowlugy bar.
«Tutuş maşgala sport bilen meşgullanýar. Atam hem agşamlaryna seýilgähde gezelenç edýär... Ol ömründe hiç wagt sanjym etdirmedi, sebäbi sanjymdan gorkýar» diýip, Alina degişme äheňinde ýylgyrdy.