«Dünýä gözeli» bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolan ençeme görnüşli bäsleşikler bar, şol bäsleşikleriň biri hem «Dünýä gözeli»  atly gözellik bäsleşigidir. Bu bäsleşik ençeme ýyllardan bäri dünýä ýüzündäki iň gözel gyzlaryň başyny ýeňijilik täji bilen bezeýär.

 

«Dünýä gözeli – 2024» gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çehiýaly dalaşgär Kristina Pişkowa ýeňiji boldy.

 

Bäsleşigiň ýenijisine täji, geçen ýyl «Dünýä gözeli» bolan polşaly Karolina Bielewska tabşyrdy.

 

«Wise-miss» diýen ady liwanly Ýasmina Zaýtun aldy.