«Arkadag» — «Nebitçi» (5:0): ýeňişli ýoluň ynamly menzilleri
Büzmeýin etrabynyň «Sport toplumy» stadionynda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň üçünji tapgyrynyň esasy duşuşygy geçirildi. Ýurdumyzyň häzirki çempiony «Arkadag» futbol kluby geçen möwsümiň bürünç medalynyň eýesi — «Nebitçi» topary bilen duşuşdy.
Oýun «Arkadag» toparynyň uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy—5:0.
Duşuşygyň birinji goly 12-nji minutda bellige alnyp, oňa Arkadag şäheriniň toparynyň ýarymgoragçysy Şanazar Tirkişow awtorlyk etdi. 15-nji minutda Didar Durdyýewiň ýerine ýetiren dürs urgusy bilen «Arkadag» topary hasaby artdyrdy — 2:0.
Jemleýji goly bolsa oýnuň 77-nji minudynda zehinli futbolçy Nazar Towakelow geçirdi.
«Arkadag» futbol klubunyň Begmyrat Baýow hem-de Ybraýym Mämmedow ýaly hüjümçileriniň işjeň hüjümleriniň bellige alnandygyny hem nygtamak gerek.
Şu ýeňşinden soň «Arkadag» futbol kluby çempionatdaky utuklarynyň sanyny 6-a ýetirdi. «Nebitçiniň» hasabynda bolsa 3 utuk bar.