Türkmenistan we RF öz aralarynda demirýol edaralarynyň wekilhanalaryny açar
“Türkmendemirýollary”-nyň wekilhanasy Russiýada, “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” kompaniýasynyň edarasy bolsa Türkmenistanda açylar. Bu baradaky ylalaşyk Moskwada Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisiniň barşynda gazanyldy diýlip, RŽD-niň metbugat gullygy tarapyndan ýaýradylan habarda aýdylýar.
Bilermenler bu bölümi 2023-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň maksatnamsyna girizdiler. Resminama “Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradow hem-de “Rossiýskiýe železnyýe dorogi” APJ-niň baş direktory Oleg Belozýorow gol çekdiler.
Ikitaraplaýyn ylalaşyk, şeýle hem ýük daşalyşyny artdyrmakda, logistika nokatlaryny we bu ulgamda hyzmaty ösdürmekde hyzmatdaşlygy, “Demirgazyk-Günorta” gündogar ugry boýunça yzygider konteýnerli gatnawlaryň hem-de Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda gysga möhletlerde oba hojalyk önümleriniň, çig mal we senagat ýükleriniň daşalmagyny ýerine ýetirýän yzygiderli otly gatnawynyň guralmagyny düzgünleşdirýär.
Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň demirýol infrastrukturasyny gurmak, döwrebaplaşdyrmak we durkuny täzelemek boýunça taslamalary durmuşa geçirmegi hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmakda tejribe alyşmagy ylalaşdylar. Sanlylaşdyrmak ulgamynda hem okatmak göz öňünde tutulýar.