Birža söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berdi.
Habarda bellenilişi ýaly, Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dürli kysymly awtobenzini, yşyklandyryş kerosinini, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.
Mundan başga-da, BAE-niň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine portlandsement, el halylary, jins we boýalan tüýjümek önümler, jins hem-de nah mata, nah ýüplük, buýan köküniň gury ekstrakty, arassalanan nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 109 million 641 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýerli işewürler içerki bazar üçin jemi bahasy 33 million 318 müň manatdan gowrak bolan nebit ýol bitumyny we garylan parafin galyndysyny («Türkmennebit» döwlet konserni), float aýnasyny, aýna gaplary, el halylaryny, tekiz boýalan, žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi we nah matalary satyn aldylar diýlip, habarda bellenilýär.