«Jetta VS5 Galaxy Watch» krossoweri tanyşdyryldy
Hytaýyň Şençžen şäherinde geçirilen sergide «Jetta VS5» krossoweriniň täze görnüşi hödürlendi. Ol adaty bolmadyk «Jetta VS5 Galaxy Watch» diýen at bilen çykaryldy.
Şeýle adyň näme sebäpden saýlanandygy heniz düşnüksiz bolmagynda galýar. Emma munuň «Jetta VS5» modeliniň ahyrky nusgasy (ýa-da hoşlaşyk nesli) bolup biljekdigi çaklanylýar. Şu ýyl awtoulagyň täze nesli çykarylmaly: täze ulagyň önümçiliginiň şu aýda — martda başlanmagyna garaşylýar, onuň resmi tanyşdyrylyşy aprel aýynyň ahyrynda Pekin awtoulag sergisinde guralyp biliner.
«Jetta VS5 Galaxy Watch» goýy çal reňkli gabarasy bilen ajaýyp görnüşi emele getirýär. Onuň daşky görnüşi gabarasynyň aşaky böleginiň perimetri boýunça uzalyp gidýän bezegler bilen utgaşýar. Awtoulagyň öňki bamperi hem ozalky nusgalardan üýtgeýär. Ýiti reňkli deri bilen örtülen açyk içki bezegi ulagyň özboluşly aýratynlyklarynyň üstüni ýetirýär. Onuň gurluş aýratynlyklary şeýle ölçeglere eýedir: 6 geçirijili awtomatiki ulgam 150 at güýjüne deň bolan 1,4 litrlik turbohereketlendiriji bilen sazlaşýar.