Kompozitorlaryň arasynda Magtymgulynyň goşgularyna iň gowy aýdym-saz eserlerini döretmek maksady bilen bäsleşik yglan edildi

Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň sesi» VIII Moskwa Halkara sungat festiwalynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň goşgularyna aýdym-saz eserleri» ady bilen kompozitorlaryň bäsleşigi yglan edildi.

 

Bäsleşik Magtymgulynyň döredijiligi bilen tanyşdyrmak we onuň şahyrana mirasyny ýaýratmak maksady bilen geçirilýär.

 

Bäsleşigiň professional emin agzalarynyň düzümine sungat işgärleri, saz sungatyny öwrenijiler, pedagoglar, şeýle-de Türkmenistanyň we Russiýanyň Suhan Tüýliýew, Daňatar Hydyrow, Jeren Gurbangylyjowa, Mämmet Güseýinow we Kirill Wolkow ýaly belli kompozitorlary girdi. 

 

Bäsleşige ýaş çäklendirmesiz kompozitorlar gatnaşyp bilýär. Bäsleşige Magtymgulynyň goşgularyna esaslanan ses we fortepiano ýa-da instrumental ansambly üçin hakyky eserlere gatnaşmaga rugsat berilýär.

 

Gatnaşmak üçin arzalar 2024-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli kabul edilýär. Nota materialy elektron salgysy boýunça kabul edilýär: festival.sounds-of-dutar@mail.ru. Eseriň dowamlylygy 8 minutdan artyk bolmaly däl.

 

Bäsleşigiň ýeňijileri I, II, III derejeli diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar we baýraklar bilen sylaglanar. Gatnaşyjylaryň iň gowy işleri nota ýygyndysynda neşir ediler.

 

Bäsleşik baradaky doly maglumatlary «Dutaryň sesi» sungat festiwalynyň elektron saýtynda tapyp bilersiňiz.