Hytaýa giriş we çykyş ýönekeýleşdirildi: «akylly» kanal, portlarda wiza we 24 sagatlyk wizasyz üstaşyr geçiş
Statistikalara maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda Hytaýyň serhedinden, takmynan, 424 million syýahat amala aşyryldy, bu bolsa geçen ýyldakydan 266,5 göterim köpdür. Olardan 206 million syýahat yklymyň ýaşaýjylary, 183 milliony bolsa Gonkongyň, Makaonyň we Taýwanyň ýaşaýjylary tarapyndan amala aşyryldy. Bu görkeziji hem degişlilikde, 218,7 we 292,8 göterim ýokarlandy. Serhetlerden geçýän daşary ýurtlularyň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 693,1 göterim artdy we takmynan, 35,48 million adama ýetdi diýip, «People’s Daily» neşiri habar berýär.
2023-nji ýylyň 15-nji maýyndan başlap, Hytaýyň Immigrasiýa boýunça milli müdirligi adamlaryň serhetden geçmegini ýeňilleşdirmek üçin giriş we çykyş dolandyryşy boýunça syýasatlaryny hem-de çäreleri ýönekeýleşdirdi. Çalt we ýygy-ýygydan amala aşyrylýan halkara alyşmalaryna uýgunlaşmak üçin immigrasiýany dolandyrmak babatda birnäçe innowasion çäreler girizildi, munuň özi adamlaryň Hytaý bilen beýleki ýurtlaryň arasynda hereketini ep-esli derejede ýeňilleşdirdi.
Pekiniň serhet gözegçiligi boýunça merkezi stansiýasy özüniň çalt kanalynyň tehnologiýalaryny kämilleşdiriş işlerini geçirdi, şol sanda ýüz we barmak yzlaryny tanamak, awtomatiki surata düşürmek ulgamlary we beýlekiler girizildi. Bu çäreler uzyn nobatlaryň öňüni almak bilen has çalt we ygtybarly gümrük barlagyny üpjün edýär. Çalt kanalyň işe başlan ilkinji gününde ondan 11 500-den gowrak ýolagçynyň peýdalanandygy habar berildi.
«Bu gezek üstaşyr geçmek geçen gezekkiden azyndan 30 minut gysga boldy» diýip, Andreý atly rus syýahatçysy Hytaýyň wizasyz üstaşyr syýasaty barada belledi.
Mundan başga-da, 24 sagatlyk wizasyz üstaşyr syýasaty arkaly 24 sagadyň dowamynda halkara üstaşyr gatnawlary bolan daşary ýurt raýatlary serhet amallaryndan boşadylýar we ýurduň dokuz howa menzili, şol sanda Pekiniň, Şanhaýyň, Guançžou we Çendu şäherileriniň halkar howa menzilleri ýaly arkaly göni üçünji ýurda ýa-da sebite gidip bilerler.
Şeýle hem 2023-nji ýyldan başlap, daşary ýurt raýatlary gönüden-göni portlarda ýurduň berýän bir gezeklik we köp gezeklik wizalaryny alyp bilerler. Şeýlelik bilen, Hytaý ýurda gelýän daşary ýurt raýatlarynyň yzygiderli akymyny üpjün edip, suw portlarynda ýolagçy gatnawyny doly dikeltmegi başardy.
Şeýle hem 2023-nji ýylyň 1-nji dekabrynda daşary ýurt raýatlary üçin Hytaýda hemişelik ýaşaýan raýatyň şahsyýetnamasynyň täze nusgasy işe girizildi. Immigrasiýa boýunça milli müdirliginiň resmi wekili täze şahsyýetnamanyň girizilmeginiň ýokary açyklygy üpjün etmekde we daşary ýurt raýatlary üçin maglumat hyzmatlarynyň derejesini ýokarlandyrmakda möhüm çäre bolandygyny aýtdy. Hytaýa işewürlik, syýahatçylyk, iş, okuw we ýaşaýyş üçin barha köp daşary ýurtly gelýär. Bu makala «People’s Daily» neşiriniň resmi saýtyndan alyndy we maglumat bermek maksady bilen terjime edildi.