Türkmenistan gyrgyzystanly awtoulag ýük daşaýjylaryna port hyzmatlary üçin ýeňillikler berer

Türkmenistan Gyrgyzystany üstaşyr ýükler boýunça port hyzmatlary üçin ýeňillikli nyrhlar bilen üpjün etmäge taýýardyr. Şonuň bilen birlikde, awtoulag ýük daşaýjylaryndan alynýan üstaşyr ýygymlary ýatyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu barada Gyrgyzstan Respublikasynyň Transport ministrliginiň web sahypasynda sişenbe güni çap edilen Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministri Tilek Tekebaýewiň Türkmenistana iş sapary baradaky hasabatynda habar berilýär.

 

Türkmenbaşy portunda Tekebaýew "Türkmendeňizderyayollary" agentliginiň başlygy Annadurdy Kösäýew bilen duşuşdy. Duşuşykda Gyrgyzystan Respublikasy - Özbegistan Respublikasy - Türkmenistan (Türkmenbaşy porty) - Russiýa Federasiýasy (Astrahan porty) alternatiw multimodal ugruň işe girizilmeginiň wajyp ähmiýeti bellendi.

 

“Türkmen tarapy bu ugurda üstaşyr ýükler boýunça port hyzmatlary üçin ýeňillikli nyrhlary göz öňünde tutmaga taýýardygyny aýtdy. Häzirki wagtda 4 gämi duralgasynyň hyzmatyndan peýdalanylýar, olaryň üçüsi awtoulag boýunça we biri – demir ýol ulagy üçin” – diýlip, habarda bellenilýär.

 

Rus tarapy bu geçelge üçin gyrgyz ýük daşaýjylaryny parom bilen üpjün etmäge taýyn. Ilkibada her gün Türkmenbaşy portundan Astrahana çenli 50-60 ulagy daşamak meýilleşdirilýär. Geljekde Mahaçkala portunyň kömegi bilen konteýner daşalyşyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

 

Aşgabatda Gyrgyzystanyň Ulag we aragatnaşyk ministriniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýa agentliginiň baş direktory  Mämmethan Çakyýew bilen duşuşygy geçirildi.

 

Şol sanda, gürrüň ady agzalan alternatiw ýoly ulanmak üçin Russiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň gatnaşmagynda dörttaraplaýyn iş maslahatyny geçirmek, şeýle hem, Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmek üçin tölegleri ýatyrmak mümkinçiligi barada boldy.