Türkmenistanyň we Awstriýanyň tehnologiki uniwersitetleri özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler
11 --- 13-nji mart aralygynda wise-premýer, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Awstriýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.
Şu gün iş saparynyň çäginde Awstriýanyň Gras şäherinde hyzmatdaşlyk boýunça duşuşyk geçirildi. Oňa Türkmenistan Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň rektory G.Mezilow we Gras tehniki uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Taraplar ylym-bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, innowasiýa tehnologiýalary pudagynda özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň resmi web sahypasynda habar berilmegine görä, duşuşygyň netijesinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Gras tehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.