Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasynda brifing geçirildi

10-njy martda Türkmenistanyň Er-Riýaddaky Ilçihanasynda 9-njy fewralda geçirilen Türkmenistanyň Minisrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň, şeýle-de 22-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

 

Maslahata Saud Arabystanynda ýaşaýan türkmen diasporasy gatnaşdy.

 

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Ilçisi gatnaşyjylara möhüm meseleleri üstünlikli durmuşa geçirmekde «2024-nji ýylda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny», Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiň netijeli işleýändigini, haryt öndürijileriniň düşewüntliligini we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen täze iş ýerleri döredilýändigini tanyşdyrdy.

 

Maslahatyň çäginde, gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby bilen tanyşdyryldy. Kitabyň möhümligi, aýratyn-da türkmen ýaşlaryny terbiýelemekdäki ähmiýeti bellendi.

 

Şeýle-de Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi bilen bagly pikir alşyldy hem-de şu ýylyň dowamynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanda birnäçe medeni we ylmy çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi.