Internet torunda ikä bölünýän ekranly noutbuk peýda boldy

Amatsyz şertde iki monitorda işleýänlere ýeňil iş mümkinçiligini döretmek üçin niýetlenen noutbuk, hakykatdan hem, kompýuteriň başyndaky iş şertlerini ýeňilleşdirer. Taýwanyň  «Compal» tehnika enjamlaryny öndürijiler «DualFlip» ady bilen döwrebap noutbuk konseptini hödürlediler. Kompaniýa täze ideýasy üçin «iF Design Guide» baýragynyň eýesi boldy.

 

DualFlip 13,3 dýuýmlyk iki ekrana eýe bolup, olary noutbugyň işine päsgel bermezden, aýratyn ýerleşdirip bolýar. Mahlasy, ekrana sygmaýan resminamalar ýa-da programmalar bar bolan ýagdaýynda, olary ikinji ekrana geçirip, iş ýerini giňeltmek bolýar.

 

Şeýle-de, kompýuteriň ekranyny klawiaturadan aýryp, dikligine ýa-da keseligne hem ýerleşdirip bolýar. Ekranlar kompýuterda gurnalan saklaýjy esasynda durar. Bu çözgüt programmistlere we kontent döredijilere diýseň ýarar. Bu kompýuter surat çekilýän enjam hökmünde ekranlary stoluň üstünde goýmak üçin hem amatlydyr. Ekranlar duýgurlyga we ýörite enjamlar bilen işlemäge hem ukyply.