Magtymgulynyň we Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary Katar Döwletiniň iri kitaphanasynda ýerleşdirildi
Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary dabaraly ýagdaýda Katar Döwletiniň Milli kitaphanasyna gowşuryldy. Bu kitaphana Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň edebi gollanmalaryny özünde jemleýän iri kitaphanalaryň biridir.
Kitaplary gowşurmak dabarasy Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşalndy. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy habar berýär.
Ýakyn Gündogar seitinde ýerleşýän Katar Döwletinde Türkmenistanyň ilçihanasynyň açylan wagtyndan bäri, türkmen diplomatlary bu ýurt bilen medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edýärler. Şu gezekki çäräniň barşynda hem Türkmenistanyň ilçihanasynyň wekilleri kitaphana aýlanyp, onuň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirdiler.