«Turkmentelekom» saýtlaryň täze hostinginden peýdalanmagy teklip edýär

«Turkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasy türkmen web saýtlarynyň esaslandyryjylaryna ýörite wirtual serwerlerde (VDS) web sahypalaryny ýerleşdirmek üçin hostingiň täze döredilen görnüşini ulanmagy teklip edýär.

 

Kompaniýanyň bellemegine görä, täze wirtual hosting kiber hüjümlerinden has ygtybarly goralýar we ýokary maglumat geçiriş derejesine eýedir. «Turkmentelekom» elektrik-aragatnaşyk kompaniýasynyň web saýtynda görkezilişi ýaly, täze serwerlerdäki internet tizligi 100 Mbit/s ýetýär.

 

Iň güýçli ýörite wirtual serwerini ulanmagyň bahasy 900 manatdyr. Häzirki VDS-niň bu görnüşinde 8 ýadroly CPU, 16 GB RAM we 80 GB göwrümdäki SSD bar.

 

Şahsy hasabyň kömegi bilen ulanyjy islän nyrhyny we operasiýa ulgamyny saýlap, islendik wagt müşderi özi üçin çäksiz wirtual maşynyny döredip bilýär. Wirtual serwer birnäçe minudyň içinde bölünip berilýär.

 

Her sagatlyk töleg mümkinçiliginiň kömegi bilen, köp saýtlara girýänleriň sanynyň örän köp  bolan wagtlarynda ýüklemegi aňsatlaşdyrmak üçin wagtlaýyn ýörite wirtual serwerleri döredip bolýar.

 

Nyrhlar barada has giňişleýin maglumatlary almak üçin «Turkmentelekom» saýtynyň «Hosting» bölüminde tanşyp  bilersiňiz.