ABŞ-da geçiriljek maslahatda Hazarüsti ulag ugrunyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar
ABŞ-nyň Baltimor şäherinde ýerleşýän Bütindünýä söwda merkezinde geçiriljek «Ortaky geçelge: deňiz portlary we uçarly ýük daşamalary arkaly ykdysadyýeti birleşdirmek» atly halkara maslahatynda Hazarüsti halkara ulag ugruny işjeňleşdirmegiň we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
Bu halkara pudaklaýyn maslahatynda importçylar, eksportçylar, ýük iberijiler, ýük alyjylar, ýük ekspeditorlary we beýleki söwda pudagyna gatnaşyjylar özara pikir alyşmaga we Hazarüsti ulag ugry boýunça ulag mümkinçiligini, şeýle hem Azerbaýjanyň, Merkezi Aziýanyň we beýlekileriň deňiz portlarynyň ösüşiniň hem ara alyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Hazarüsti halkara ulag ugry — bu Merkezi Aziýa ýurtlaryny Günorta Kawkaz sebiti bilen, soňra bolsa Gündogar Ýewropa bilen birleşdirýän we ösüp barýan üstaşyr geçelgedir.
Baltimorda geçiriljek bu masahat Amerikan-azerbaýjan söwda edarasy (USACC) we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Azerbaýjanda ýerleşýän Halkara Ösüş boýunça agentligi (IDUSAID) tarapyndan Azerbaýjanyň ABŞ-daky ilçihanasy bilen hyzmatdaşlyk etmeklerinde guralýar.