Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionatynyň Bişkekde geçýän tapgyrynda GAR-yň ýygyndysyny ýeňlişe sezewar etdi
Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy topary nobatdaky dünýä çempionatynyň Bişkekde (Gyrgyz Respublikasy) geçýän tapgyryndaky ilkinji ýeňşini gazandy.
Dünýä çempionatynyň üçünji diwizionyň toparlarynyň («A» toparça) arasyndaky duşuşyklar şäheriň buzly arenasynda geçýär. Ýaryşda Gyrgyz Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Lýuksemburgyň, Meksikanyň, Tailandyň hem-de GAR-yň milli ýygyndy toparlary çykyş edýär.
Ikinji tapgyryň maksatnamasy Türkmenistan bilen GAR-yň ýygyndy toparlarynyň arasyndaky duşuşyk bilen açyldy. Türkmen topary 4:3 hasabynda ýeňiş gazandy.
Ikinji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:
Türkmenistan — GAR (4:3);
Meksika — Tailand (0:5);
Lýuksemburg — Gyrgyzystan (3:7).
13-nji martda ýaryşyň üçünji tapgyry geçirilip, şol gün Türkmenistan ýaryşyň ýer eýesi bolan Gyrgyz Respublikasynyň garşysyna çykar.