«Nowruz geldi Diýara» atly Nowruz baýramyna bagyşlanan sungat eserleriniň sergisi açylar
15-nji martda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamagynda «Nowruz geldi Diýara» atly Nowruz baýramyna bagyşlanan sungat eserleriniň sergisi açylar.
Sergide ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleri ýerleşdiriler. Bu ýere gelýänlere grafika, heýkeltaraşlyk, keramika, nakgaşçylyk ýaly sungatyň dürli ugurlaryna degişli eserler görkeziler.
Sergide ýerleşdirilen eserlerde Watanymyzyň gözel tebigaty, owadan gelin-gyzlarymyzyň keşbi, halkymyzyň şöhratly taryhy, abadan ýurdumyzyň gündelik durmuşynyň gyzykly sahnalary mynasyp suratlandyrylýar. Sergide sungat söýüjiler Türkmenistanyň Suratkeşler Bileşiginiň agzalarynyň, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň eden işlerine ýokary baha berip bilerler.
Açylyş dabarasy şol gün sagat 16:00-da başlar. Sergi öz işini on güni dowam eder.
Giriş tölegsiz.