NASA başga planetalylar üçin niýetlenen nyşanyň dizaýnyny tanyş etdi
ABŞ-nyň Milli aerokosmiki agentligi (NASA) Ýupiteriň Ýewropanyň Ýupiter emeli hemrasyna tarap barýan «Europa Clipper» kosmiki gämisine ýerleşdiriljek demir nyşanyň dizaýnyny mälim etdi. Bu barada snob.ru habar berýär.
Bu nyşanyň ululygy 18x28 santimetre barabar. Onuň daşky görnüşinde Ýer ýüzüniň 103 dilinde ses tolkunlarynyň şekilinde «suw» sözüniň aýdylyşy beýan edilip, ol missiýanyň maksadyny — Ýewropanyň buzly gabygynyň astynda ullakan ummany gözlemek maksadyny görkezýär. Bu ýazgylary NASA-nyň resmi web saýtyndan okamak bolýar.
Nyşanyň iç ýüzünde şahyr zenan Ada Limonyň «Syryň şöhratyna: Ýewropa üçin poema» atly goşgusy, planeta ylymlaryny esaslandyryjylaryň biri bolan Ronald Griliniň portreti hem-de başga siwilizasiýalaryň sanyny sanamagyň formulasy bolan Dreýkiň deňlemesi bar.
Nyşanyň möhüm bölegi NASA-nyň web saýtynda goýlan, «Çüýşedäki ýollama» çäresiniň bir bölegi bolan 2,6 million adam adyny özünde jemleýän gizlenen mikroçipdir. Merkuri, Wenera, Ýer we Mars orbitalaryny alamatlandyrýan dört halkanyň ortasyndaky şekil hem taslamanyň adyna degişlidir.
«Europa Clipper» taslamasy 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabryna meýilleşdirilýär. Bu enjam 2,6 milliard kilometri geçer we 2030-njy ýylda Ýewropa baryp ýeter. Taslamanyň maksady — gizlin ummany gözlemek we Ýewropanyň durmuşy goldamak mümkinçiliklerini öwrenmekden ybaratdyr.