Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Türkmenistandaky taslamalara gönükdirilen maýa goýumlar baradaky täzelenen maglumatlary paýlaşdy
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň Türkmenistandaky taslamalary boýunça häzirki karz bukjasynyň takmynan 27 million ýewro barabardygyny «Trend» habar berýär.
Bankyň maglumatlary karz portfeliniň 21 taslamany durmuşa geçirmäge gönükdirilendigini tassyklaýar.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň taslamalarynyň bütin bukjasy ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna maýa goýumlaryň giň toplumyny öz içine alýar.
Taslama portfeliniň uly bölegi (85 göterim, takmynan 23 million ýewro barabar) senagata, söwda we oba hojalygyna, galan 15 göterimi (4 million ýewro barabar) bolsa maliýe edaralaryna maýa goýumlar üçin niýetlenilýär.
Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň hasabatynda bellenip geçilşi ýaly, bar bolan maýa goýum bukjasy Türkmenistanyň hususy bölegine degişlidir.
Umuman alanyňda, bankyň Türkmenistana maýa goýumlary 334 million ýewrodan geçýär we dürli taslamalaryň 87-sini özünde jemleýär.