BSGG mukaddes Oraza aýynda agyz bekleýänlere maslahatlary berýär
Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) mukaddes Oraza aýynda agyz bekleýän musulmanlaryň fiziki we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary üçin birnäçe maslahatlary berýär. Oraza aýynda agyz beklemek türkmen halkynyň durmuşynda hem uly ähmiýete eýedir. Agyz beklemegiň kadalary dogry ýerine ýetirilende ynsan saglygy üçin peýdaly bolýar.
Eger-de agyz bekleýän bolsaňyz, şulary berjaý ediň:
— köp mukdarda (10 bulgur) suw içiň we suwuk naharlary iýiň;
— kofeini we şekeri az mukdarda sarp ediň;
— yssy we gurak ýerlerde bolmakdan gaça duruň;
— agyz açmak üçin (hurma, gök önümler, däneli ekinlerden taýýarlanylan tagamlar, et önümleri) hemme witaminler bolan naharlary (iftar) iýiň;
— aşa köp iýmekden saklanyň;
— agyz ýapanyňyzda ýeňil iýmitleniň (süýt we çörek önümleri);
— ýagly, duzly naharlary, düzüminde şekeriň uly mukdary bolan süýjülikleri iýmekden mümkinç boldugyça saklanyň;
— duza we sousa derek goşundylary köprak ulanyň;
— howlukman iýip-içiň;
— agşamlaryna gezelenç ediň.
Mundan başga-da, BSGG mukaddes Oraza aýynyň diňe bir ruhy taýdan däl, eýsem, beden taýdan hem saglyga peýdaly bolmagy üçin keýpiňi bozýan zatlardan we zyýanly endiklerden gaça durmagy maslahat berýär.