Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” HUG boýunça ýük akymy birnäçe esse artýar

Türkmenistanyň üstünden geçýän “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň günorta ugry boýunça yzygiderli ösüş bellige alyndy. Eger 2021-nji ýylda onuň üstünden 700 tonna ýük daşalan bolsa, 2022-nji ýylyň 11 aýynda Eýran, Günorta Aziýa we Pars aýlagynyň ýurtlary bilen gatnawda 62 müň tonna golaý we 220 konteýnerler daşaldy. Şeýle maglumatlar RF-niň hökümetiniň saýtynda getirilýär. Şonda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň ýakynda geçen mejlisi baradaky hasabat ýerleşdirilipdir. 

 

“Bu geçelgäni Gündogar ugruny ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri görýäris, şonuň üsti bilen soňra Türkmenistanyň çäklerinden Eýranyň we Hindistanyň çäklerine çykyp bolýar – diýip, RF-niň hökümetiniň metbugat gullugy RF-niň kökümet başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň sözlerine salgylanýar. – Hazaryň rus we Türkmenbaşy şäheriniň  deňiz portlaryny giň gerimli ugurlar boýunça peýdalanmaga taýýardyrys”.

 

Ol şeýle hem döwlet baştutanlarynyň VI Hazar sammitinde hem-de II Hazar ykdysady forumda gazanylan ylalaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriniň aýratyn ykdysady zolaklary birleşigini döretmek meselesiniň hem aýratyn üns berilmäge mynasypdygyny belledi.