Mongoliýada «Altyn bürgüt – 2024» atly milli aw festiwaly geçirildi

Geçen dynç güni Mongoliýanyň Ulan-batordan uzak bolmadyk ýerinde el guşlaryň gatnaşmagynda «Altyn bürgüt – 2024» atly milli aw festiwaly geçirildi.

 

Bu her ýyl ýurduň Daşky gurşaw we syýahatçylyk ministrligi, paýtagtyň Syýahatçylyk bölümi we Mongoliýanyň «Altyn bürgüt awçylary» birleşigi tarapyndan bilelikde geçirilýän festiwaldyr.

 

Festiwalyň maksady özboluşly etnik medeniýeti wagyz etmekden we Mongoliýada syýahatçylygy ösdürmekden ybaratdyr. Bu ýyl «Altyn bürgüt» festiwalyna Mangoliýanyň birnäçe welaýatyndan 21 awçy gatnaşdy.

 

Festiwalyň çäginde Gazagystanyň milli senetçilik sergisi-ýarmarkasy geçirildi, myhmanlar bir topar atly çapyksuwarlaryň gatnaşmagynda gazak milli oýny – kokpary, şeýle hem awçylaryň bürgütli, atly ýörişi geçirildi.

 

Mongoliýada gazak çarwadarlarynyň nesilleri ýaşaýar, olar özlerine mahsus medeniýetini we däp-dessurlaryny gorap saklaýarlar. Her ýyl geçirilýän festiwal Mongoliýa daşary ýurtly syýahatçylaryň goşmaça akymyny özüne çekýär.