Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň sanyny köpeltmek mümkinçilkleri öwrenilýär
11-nji martda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow Özbegistan Respublikasynyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministri Kongirotboý Şaripow bilen duşuşdy.
Taraplar ýokary bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda bilelikdäki çäreleri geçirmek, Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň sanyny köpeltmek ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar- diýip, Özbegistan Respublikasynyň Ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berildi.
Çeşmede bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Özbegistandaky iki sany ýokary okuw mekdebinde — Garagalpak döwlet uniwersitetinde we Nukus döwlet pedagogika institutynda türkmen diline ýöriteleşdirilen mekdepler üçin hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýokary okuw mekdeplerinde 160-dan gowrak özbegistanly türkmen üçin öz ene dilinde okamaga ähli mümkinçilikler bar.
Duşuşykda «Daşkent suwaryş we oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak inžernerleri instituty» Milli gözleg uniwersiteti bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň arasynda bilelikdäki bilim maksatnamasyny (2 + 2) döretmek mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy we Merkezi Aziýada ýokary bilim ulgamy boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň çägindäki täze başlangyçlar barada pikir alyşyldy.
Maglumat çeşmesi: TürkmenPortal