Türkmenistanyň çäginde pul geçirim hyzmaty «Türkmenpoçtanyň» ähli bölümlerinde elýeterli
Şu günki günde Türkmenistanyň raýatlary «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň golaýda ýerleşýän islendik bölümine baryp, ýurduň dürli ýerine pul serişdelerini tiz we ygtybarly iberip bilerler.
Pul geçirimi amala aşyrmak üçin pul serişdesini iberiji pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan başga bir resminamasyny görkezmelidir.
«Türkmenpoçta» arkaly pul geçirilende tutulýan ýygymyň möçberi iberilýän puluň mukdaryna baglylykda, onuň 1 göteriminden 5 göterimine çenli bolýar.
Eger-de alyjy iberilen puly onuň ýollanan gününden 30 senenama gününiň dowamynda kabul etmedik ýagdaýynda ýa-da belli bir sebäbe görä pul serişdesi iberijä hyzmat edýän poçta bölümine eltilmedik bolsa, onda ol iberijä yzyna gaýtarylyp berilýär. Bu ýagdaýda iberijä 5 günüň dowamynda puluň yzyna gaýtarylýandygy barada habar berilýär.
Iberijiniň yzyna gaýtarylýan pul serişdesini almak üçin poçta bölümine gelmedik ýagdaýynda bolsa, operator ony 3 ýyllyk möhlet bilen kompaniýanyň hasabyna geçirýär. Bu möhletiň dowamynda iberiji puly talap etmediginiň sebäbini görkezip, ony yzyna alyp biler.
Müşderi gaýtarylan pul serişdesini poçta bölümine baryp alyp bilmedik ýagdaýynda hem, ony öz salgysyna eltip bermeklerini sargyt edip biler.
Şeýle-de okaň:
Maglumat çeşmesi: TürkmenPortal