Aşgabatda «Масленица» baýramçylygy belleniler

Şu gün — 14-nji martda Aşgabatdaky Rus öýi «Масленица» baýramçylyk dabarasyny geçirýär. Guramaçylar gyzyklanýanlary baýramçylyga gatnaşmaga çagyrýar.

 

«Масленица» ençeme asyr bäri aýdymlar, tanslar we şadyýan milli oýunlar bilen giňden bellenip geçilýän iň ajaýyp we söýgüli baýramçylyklaryň biridigi hiç kim üçin syr däl.

 

Şol sebäpli sizi «Масленица» baýramçylygyna gatnaşmaga çagyrýarys. Baýramçylykda naharlary, ýüzüňi boýamak, oýunlar we şadyýan meýilnama bilen tanyşarsyňyz» diýip, guramaçylar belläp geçýär.

 

Dabara 17:00-da başlar. Geçirilýän ýeri: Aşgabat, Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11.

 

Gatnaşmak üçin öňünden hasaba alynmaly: +993 61-51-03-98, otdel_tm@mail.ru

Maglumat çeşmesi: TürkmenPortal