TDHÇB-de söwdalar: içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri, şeýle hem türkmen halylary uly islegden peýdalandy

Çarşenbe güni, 13-nji martda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda ýurdumyzda öndürilýän nebithimiýa we ýeňil senagat önümleri, şeýle hem türkmen halylary uly islegden peýdalandy.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň hem-de Maltanyň telekeçileri az kükürtli ýakyş mazudyny, «SN-350» we «SN-600» kysymly binýatlyk ýagy satyn almak boýunça «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşik baglaşdylar.

Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri nah ýüplügini satyn almak boýunça türkmen telekeçileri bilen geleşikleri baglaşdylar.

Içerki bazarda türkmen telekeçileri nah ýüplügini satyn almak boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen geleşik baglaşdylar.

Olar Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginden düz (float) aýna satyn aldylar.

Söwdalaryň dowamynda jemi bahasy 14 067 000 manatlyk we 29 527 200 dollarlyk 11 geleşik baglaşyldy.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň kotirowkalary bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.

Maglumat çeşmesi: orient.tm