Lebap welaýatynda «Şir Ýag» çalgy ýag zawody dabaraly açyldy
Lebap welaýatynda çalgy ýag önümlerini öndürýän «Şir Ýag» zawodynyň dabaraly açylyşy boldy.
Kärhana ýeňil awtoulaglar, ýük awtoulaglary, şeýle hem oba hojalygynda ulanylýan awtoulag tehnikalarynyň köpdürli görnüşleri üçin çalgy önümlerini öndürmäge ýöriteleşendir.
Öndürilýän önümleriň assortimentine şeýle hem senagat çalgy ýaglary, dişli we geçiriji çalgy ýaglary, gidrawliki ulgam ýaglary hem girýär.
«Şir Ýag» — bu 25 000 inedördül metr meýdany öz içine alýan döwrebap zawoddyr. Kärhananyň önümçilik kuwwaty gije-gündiziň dowamynda 80 tonna ýa-da ýylda 20 000 tonna ýetýär.
Zawodda önümiň hiline berk gözegçilik üpjün edilýär. Ähli çalgy ýaglary kärhananyň öz tejribehanalarynda köp tapgyrlarda synagdan geçirilýär.
Bu ýerde önümleriň Türkmenistanyň döwlet standartlaryna (TDS), şeýle hem ASTM we DIN halkara standartlaryna laýyk gelmegine aýratyn üns berilýär.
«Şir Ýag» öňde uly mümkinçilikli wezipäni — Türkmenistanyň içerki bazarynyň import edilýän çalgy ýaglaryna garaşlylygyny azaltmagy maksat edip goýýar.
Bu maksada ýetmek üçin bolsa kärhana häsiýetli aýratynlyklary boýunça daşary ýurtlaryň şu hili önümlerinden derejesi pes bolmadyk hem-de türkmen alyjylary üçin has amatly bahalardan ýetirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge ähmiýet berýär.
«Şir Ýag» çalgy ýaglarynyň ähli önüm görnüşleriniň eýýäm Türkmenistandaky ähli ýöriteleşdirilen dükanlarda satyn almak üçin elýeterlidigini bellemek gerek.
Maglumat çeşmesi: turkmenportal.com